Dark
Light
13.10.2026
tp kosk THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy

12.06.2026

TDH-da habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, Alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň gumanitar we ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa professor alymlyk adyny dakmak barada netijenamalarynyň esasynda, häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tp kosk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanyldy

110626 47 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alanlara diplomlar gowşuryldy

Soňkylar Habar

GitTop