Dark
Light
13.11.2026
konf azer 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

17.06.2026

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen «Ählumumy howpsuzlyga sebit goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy gurmak» atly halkara maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

«Ýeni Azerbaýjan» partiýasy tarapyndan guralan foruma Azerbaýjan, Türkiýe, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý, Pakistan, Belarus we beýleki döwletleriň syýasy toparlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň hem-de partiýa düzümleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etmek bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň Azerbaýjanyň Günorta Kawkazy parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň sebitine öwürmek boýunça alyp barýan tagallalary bilen sazlaşýandygyny belledi.

Diplomat öz çykyşynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň, döwletleriň özygtyýarlygyna we çäk bitewiligine hormat goýulmagynyň, şeýle hem halklaryň kanuny bähbitleriniň nazara alynmagynyň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň hukuk döwletiniň ýörelgelerini pugtalandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Maslahatyň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek maksady bilen halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň möhümdigini bellediler hem-de sebitlerde durnukly parahatçylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýän başlangyçlary bilelikde öňe sürmegiň wajypdygyny tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga taze tomus THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Rowaçly menziller – nesilleriň buýsanjy

yewropa bank THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝTÖB: 2026–2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,3% ösüp biler

Soňkylar Habar

GitTop