Dark
Light
10.06.2026
2143212423 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

04.06.2026

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 1–5-nji iýuny aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça komissiýasynyň (CCPCJ) 35-nji mejlisine gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň agza döwletleriniň wekilleri jenaýat adalatlylygy ulgamlaryny kämilleşdirmek, kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak hem-de transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda transmilli jenaýatçylyga garşy göreş boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeň ilerlemegine biziň ýurdumyzyň oňyn goşandy barada gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Ýurdumyzda guramaçylykly jenaýatyň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi boýunça anyk maksatlara gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Terrorizm, adam söwdasy, korrupsiýa, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly guramaçylykly jenaýatlara garşy gönükdirilen Milli maksatnamalaryň kabul edilmegi muňa mysal bolup durýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kanun hukuk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hukuk medeniýeti – döwrüň talaby

gumruk bbir penjire THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamyna emeli aň ornaşdyryldy

Soňkylar Habar

GitTop