Russiýa Federasiýasynyň Penza şäherinde geçirilen «Ýylyň ýaş alymy — 2026» atly XXIV halkara ylmy-gözleg bäsleşiginde türkmenistanly okuwçy uly üstünlik gazandy. Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Yhlas Gurbanmuhammedow özüniň ylmy işi bilen görkezilen bäsleşikde bäsdeşlerinden tapawutlanyp, hormatly 1-nji orna mynasyp boldy. Ýaş alymyň bu halkara synagynda gazanan üstünligine onuň mekdep mugallymy Gunça Ataýewanyň halypalyk we ýolbaşçylyk goldawy uly itergi berdi.
Halkara derejesinde guralan «Ýylyň ýaş alymy — 2026» bäsleşigi Penza şäherinde ýerleşýän «Наука и просвещение» (Ylym we magaryf) ylmy-metodiki merkezi tarapyndan yzygiderli guralyp gelinýär. Bu giň gerimli taslamanyň esasy maksady dünýäniň dürli künjeklerinden bolan zehinli ýaşlaryň ylmy-gözleg işlerini höweslendirmekden hem-de olaryň döwrebap ylmy makalalaryny giň jemgyýetçilige ýetirmek üçin çap etmekden ybaratdyr.
Däp bolup gelşi ýaly, bu halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça tapawutlanan ýaş alymlar I, II we III derejeli diplomlar bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanylýar. Mundan başga-da, ýeňijileriň hödürlän iň oňat ylmy işleri ýörite döredilýän halkara ylmy makalalar ýygyndysyna girizilip, aýratyn neşir görnüşinde çap edilýär.