Täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere örän ýokary ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi ýaşlaryň ýurdumyzyň egsilmez kuwwatydygyny, abraý-mertebesidigini, nurana geljegidigini aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletimizde özleri üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini duýýan bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşmak ugrunda täze açyşlary ylma girizmäge çalyşýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dürli ugurlarda zähmet çekýän, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde bilim alýan, ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň 1 müň 500-den gowragy öz ylmy işlerini, açyşlaryny hödürlediler we olardan 170-si Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen abraýly bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde kesgitlenildi. 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli yglan edilen bu bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanmagy bizi has-da buýsandyrýar. Şu jähetden, geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bilimde we sportda tapawutlanan ýaşlaryň sylaglanylmagy döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasynyň berk binýatlydygyny aýdyň görkezdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Ýaşlary ylma, bilime, döredijilige hem-de beýik açyşlara ruhlandyrýan, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.