Jemgyýetiň ösüşi hem-de durmuş ulgamynyň özgermegi ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalarda öňdebaryjy innowasion tejribäniň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu jähetden, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň bellenilmegi ähli ösüşlerimiziň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Taryhy gelip çykyşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halky ähli döwürlerde ylymda sebit derejesinde hem, dünýä derejesinde hem uly üstünlikleri gazanypdyr. Ylym dünýäsine belent derejelere ýeten şahsyýetleri beren biziň halkymyz hiç bir döwürde hem ylymdan üzňe bolmandyr» diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Ylym her bir şahsyýetiň kämilligi, jemgyýetiň we döwletiň berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir.
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda düýpli ylmy barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi ýaşlaryň döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaklaryna ýardam edýär. Ýaşlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gözlegleri alyp barmaklary, innowasion tejribeleri geçirmekleri, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri döwletimiz tarapyndan giňden goldanylýar.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda alnyp barylýan döwletli işler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Muny ýylyň-ýylyna ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň ylmyň we tehnologiýalaryň dürli ugurlaryndan alyp barýan ylmy işleriniň täzeçilligi hem-de netijeliligi bilen häsiýetlendirmek bolar. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar.
Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun! Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy mundan beýläk-de uly ösüşlere beslensin!
Rüstem ARSLANOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň bölüm müdiri.