Dark
Light
05.10.2026
yewropa bank THE ASHGABAT TIMES

ÝTÖB: 2026–2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,3% ösüp biler

17.06.2026

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň 2026–2027-nji ýyllarda durnukly ösüşini dowam etdirjekdigini çaklaýarlar. Bu barada ÝTÖB-niň iýun aýynda neşir eden Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ykdysady mümkinçilikleri baradaky hasabatynda aýdylýar.

Hasabata görä, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ykdysadyýeti geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim ösdi. Bu ösüşe nebitgaz pudagynda gazanylan ýokary netijeler, şeýle hem senagat önümçiliginiň 2,4 göterim artmagy ýardam etdi. Gurluşyk pudagy döwlet tarapyndan goýulýan iri maýa goýumlaryň we uly infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň hasabyna ösüşini dowam etdirdi. ÝTÖB-niň bilermenleriniň bellemegine görä, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň başlanmagy orta möhletli döwürde ýurduň ykdysady işjeňligine goşmaça itergi berer. Olaryň pikirine görä, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy hem-de käniň özleşdirilişiniň giňeldilmegi ykdysady ösüşiň dowam etdirilmegine ýardam eder.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky 1991-nji ýylda 40 döwlet we iki sany halkara gurama tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar. Türkmenistanda bolsa 1992-nji ýyldan bäri işleýär. Guramanyň baş maksady maliýe durnuklylygyna ýardam bermek, hususy telekeçiligi ösdürmek we işewür gatnaşyklary berkitmekdir. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

konf azer 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

wekiliyet THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar

Soňkylar Habar

GitTop