Dark
Light
16.06.2026
welo THE ASHGABAT TIMES

Yurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenilýär

03.06.2026

Şu gün ýurdumyzyň çar künjeginde sagdynlygyň, ruhubelentligiň we ekologiýa medeniýetiniň dabaralanmagyny şöhlelendirýän Bütindünýä welosiped güni uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Şu mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem-de dabaraly çäreler halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek bütin dünýä aýdyň görkezdi. Sportuň bu görnüşini giňden wagyz etmek, diňe bir saglygy berkitmän, eýsem halklaryň arasyndaky dostlugy we özara ynanyşmagy dabaralandyrýan özboluşly bir sergidir.

Milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň welosport merkezleriniň birine öwrüldi. Olimpiýa şäherçesinde gurlan we halkara standartlara doly jogap berýän döwrebap Welotrek binasy, şeýle-de şäheriň gözelligine görk goşýan «Welosiped» binasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň sport älemindäki rowaçlyklary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem yzygiderli yzar lanylýar. Ýatlap geçsek, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda guralan iň köpçülikleýin welosiped sportunyň tälim beriş sapagy hem-de iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişi özüniň köpçülikleýinligi bilen dünýäni haýran galdyryp, Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizilipdi.

Garaşsyz döwletimiziň bu ugurdaky halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly goldanylýar we ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylda bolsa «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly taryhy Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu resminamalar ekologiýa taýdan durnukly ulgamy kemala getirmekde we adamzat saglygyny goramakda global ähmiýete eýedir.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

020626 pr THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

nztnkj15ofzg4imqgrneelen6qyuy4 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk barada

Soňkylar Habar

Harby uçurymlar wepalylyk kasamyny kabul etdiler

15.06.2026
13-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby

Aşgabatda dynç günlerinde nirä gidip bolar

12.06.2026
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dynç günlerinde dürli-dürli medeni çäreler garaşýar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 13.06.2026: «Sen söýseň meni» 19:00;
GitTop