Dark
Light
12.08.2026
suw beket scaled THE ASHGABAT TIMES

Ahal welaýatynda täze suw göteriji beketler ulanylmaga berildi

02.07.2026

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurlan 21-nji we 22-nji suw göteriji beketler açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar bermegine görä, 21-nji suw göteriji beket derýanyň 828-nji kilometrinde guruldy we kuwwaty 16 megawat bolan elektrik bekedi bilen üpjün edildi. Desga Germaniýanyň KSB kysymly sekiz sany ýokary basyşly nasosy bilen enjamlaşdyryldy, olaryň altysy işçi, ikisi ätiýaçlyk hökmünde hyzmat edýär. Nasoslar sekuntda 850 litrden 1200 litre çenli suwy sorup çykarmaga ukyplydyr. Beketde ornaşdyrylan Innomotiks motorlary VFD tehnologiýasyna esaslanýan dolandyryş ulgamy arkaly işleýär, bu bolsa energiýa sarp edilişini azaltmaga we enjamlaryň netijeli işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

22-nji suw göteriji bekedi bolsa, 21-nji beketden takmynan 7 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär. Taslama laýyklykda, Garagum derýasynyň suwy bu desga basyşly turbalar arkaly ýetirilýär we 130 metr belentlikdäki ekerançylyk meýdanlaryna paýlanýar. Beketde jemi 10 sany nasos oturdyldy, olaryň ýedisi işçi, üçüsi ätiýaçlyk hökmünde hyzmat edýär. Şeýle hem bu ýerde kuwwaty 10 megawat bolan elektrik bekedi guruldy. Taslamanyň çäklerinde diametri 325 millimetrden 1220 millimetre çenli bolan polat suw geçiriji turbalar çekilip, olaryň demir we awtomobil ýollary bilen kesişýän ýerlerinde gurluşyk işleri gatnawlara päsgel bermezden amala aşyryldy.

Habarda bellenilmegine görä, taslamanyň netijesinde 6 müň 198 gektar oba hojalyk ekin meýdanlaryny sanly ulgam arkaly tygşytly suwarmaga mümkinçilik dörediler. Şeýle hem enjamlaryň işlemegini goldamak üçin gün panelleri oturdyldy. Gün panelleri gün şöhlelerini elektrik energiýasyna öwrüp, suwaryşda ulanylýan zerur enjamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1782987566210 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbaýjan – Türkmenistan: üýtgeýän sebit gün tertibinde strategik hyzmatdaşlyk – INTERWÝU

gusakly gores THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri 9 medal gazandylar

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop