Dark
Light
05.10.2026
kronenberg THE ASHGABAT TIMES

Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär

03.07.2026

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Ol şu ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk çärelerine bagyşlandy.

Brifingde çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan özboluşly mirasymyzy wagyz etmekde täze sahypany açdy. Şu ýylda meýilleşdirilýän halkara çäreler medeni we sport diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli herekete getirmek bilen, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy berkitmegi ugur edinýär.

Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň giň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagyny, ahalteke atlarynyň netijeli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli çäreler görülýär. Bellenilişi ýaly, çäreleriň çäklerinde milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň häzirki ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

005 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMGÖM Türkmenistanyň ilkinji saglygy goraýyş ulgamyna gün energiýasy çözgütlerini ornaşdyrylýar

discu a1b944080c4359ae42b1ac1c04e2b33f sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Türkiýe deňiz gatnawlaryny ösdürmek meselelerine garady

Soňkylar Habar

GitTop