Dark
Light
12.08.2026
bedew kronenberg THE ASHGABAT TIMES

Ahalteke bedewi – dünýä gymmatlygy

02.07.2026

Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär.

Ahalteke bedewleri parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewleriň at-abraýy dünýä dolýar. Şundan ugur alsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.

Şanly ýylyň şygary dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan özboluşly mirasymyzy wagyz etmekde täze sahypany açdy. Şu ýylda meýilleşdirilýän halkara çäreler medeni we sport diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli herekete getirmek bilen, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy berkitmegi ugur edinýär. Şeýlelikde, bu şygar Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!» diýen ruhlandyryjy sözleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Häzirki wagtda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň giň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagyny, ahalteke atlarynyň netijeli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli çäreler görülýär. Bu çäreleriň çäklerinde milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň häzirki ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Jemläp aýdanyňda, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek çäreler halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüler.

Enejan GURBANOWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar a THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geljegiň binýady: ýokary hünär bilimini ösdürmegiň strategik ugurlary

ralli reyd THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop