Dark
Light
12.08.2026
arkadag saher 26 THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – döwrüň we dünýäniň buýsanjy

11.07.2026

Sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda binýat bolan kämil sungat eseridir. Döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemleýän bu şäher berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri. Bu döwrebap şäher halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, biz — ýaş nesilleriň nurana geljegimizi kepillendirýär. Bu şäherdäki ähli binalar, köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly ymaratlar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan döwrebap desgalardyr.

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda bina edilen bu şäherde halkara ölçeglerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi bolup, giň şaýollar, köçeler häzirki zaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen «akylly» şäher taslamasynyň ajaýyp nusgasydyr. Täze şäherde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylyp, ýaşaýjylar üçin zerur bolan durmuş amatlyklary döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy hem Arkadag şäherinde ýerleşýär.

Arkadag şäheri geljegiň şäheri, bagtyň şuglasy. Bu ajaýyp jümleleriň many-maňzynyň göwhere berimsiz gymmatyny diňe aň bilen däl, ýürek bilen ölçäp, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan binýat bolup, çawy ýedi yklyma dolan Arkadag şäherli Bitarap döwletiň ýaş nesilleridigimize buýsanýarys

Aýnur BAÝJIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

iuhd 2022 2023 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilimiň kämil geljegi

resmi surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň medeniýet ministri bellenildi

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop