Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjanyň wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada AZERTAJ-da giňişleýin beýan edildi.
Habar berlişi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary has-da berkitmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek, şeýle hem sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.
Duşuşykda azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen aýda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarandygy nygtaldy. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, özara gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalary, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäklerinde ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň hem baý energetika mümkinçilikleriniň we tebigy baýlyklarynyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat döredýändigi bellenildi. Energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna daşamak, bu ulgamdaky şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişiniň halkara ulag geçelgelerini ösdürmek üçin möhüm artykmaçlyklary döredýändigi nygtaldy. Şeýle-de global gün tertibinde ulag we energetika howpsuzlygy meseleleriniň durnuklylygy, iki ýurduň sebitara we dünýä derejesindäki energetika hem-de ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşantlary bellenilip geçildi.
Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetine hem üns çekildi. Bu ugurda taraplar geçen ýyl Azerbaýjanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edendigini bellediler.
Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bilelikdäki hökümetara toparyň türkmen tarapyndan bilelikdäki başlygy Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, senagat, ulag, infrastruktura we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän taslamalary öňe sürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bilelikdäki hökümetara toparyň 9-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisde çykyş eden toparyň azerbaýjan tarapyndan bilelikdäki başlygy, Ykdysadyýet ministri M.Jabbarow döwlet Baştutanlary tarapyndan kesgitlenen strategik ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösmegini şertlendirýändigini nygtady. Bilelikdäki hökümetara toparyň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, energetika, ulag, logistika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda giňeltmek üçin möhüm platformadygy bellenildi. Azerbaýjanyň özara maýa goýumlary höweslendirmek, işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn nygtaldy. Ykdysadyýet ministri Füzuli şäherinde metjit toplumynyň gurluşygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we bu taslamanyň Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nusgasydygyny aýtdy.
Toparyň türkmen tarapyndan bilelikdäki başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara ynam we strategik hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny belledi. Täze ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde, durmuşa geçirilýän taslamalary çaltlandirmakda we ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmakda bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. N.Atagulyýew Türkmenistana sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeriniň asylly başlangyç bolandygy üçin Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi we bu ädimiň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýändigini aýtdy.
Mejlisde ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek maksady bilen, ikitaraplaýyn Işewürlik geňeşini döretmek baradaky başlangyç nygtaldy. Mejlisiň netijeleri boýunça söwda-ykdysady ugurda, energetikada, ulagda, oba hojalygynda, azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, suw üpjünçilik ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegi göz öňünde tutýan teswirnama gol çekildi.

Saparyň çäklerinde ykdysadyýet ministri M.Jabbarow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy.
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gepleşikleri we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça pikir alşyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».