Dark
Light
12.08.2026
yaslar bilim ylym THE ASHGABAT TIMES

Bilim – beýik işlere başlangyç

06.07.2026

Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ylym-bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap binalarda okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2031 — 2036-njy ýyllar üçin meýilnamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. Bu meýilnama Strategiýany amala aşyrmakda öňde goýlan maksatlardan we wezipelerden ugur alýar.

Ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usulyýeti yzygiderli kämilleşýär. Şunda usulyýetleri milli ýörelgelere we dünýä tejribesine esaslanyp, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklarynyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup döwrebaplaşdyrmak ähmiýetlidir. Ýokary hünär bilimi ulgamynda okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde bolsa ýokary hilli hem-de bäsleşige ukyply bilim gurşawy dörediler. Ýokary bilimli işgärleri taýýarlamagyň sargytlaryny emele getirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze usullar işlenip taýýarlanylar. Köpugurly başarnyklary bolan ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün ediji edara hökmünde ýokary okuw mekdepleriniň jemgyýetdäki eýeleýän orny has-da ýokarlanar.

Ýokary okuw mekdeplerinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň hem-de sebitleriň meselelerini çözmäge gönükdirilen diplom taslamalarynyň (diplom), magistrlik işleriniň, kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalarynyň maglumatlar binýadynyň dörediljekdigini hem bellemelidiris. Ýokary bilimiň okuw işinde daşary ýurt dillerinde okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda umumy we ýörite hünär dersler toplumyna degişli okuw dersleriniň paýy artar.

Ýaş nesilleriň zehinini açmaga, olaryň döredijilikli zähmet çekmeklerine we ýokary tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna gönükdirilen bu tutumly işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň kepilidir.

Leýli AMANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Taryh fakultetiniň taryh hünäriniň 402-nji toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1783270434165 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen wekiliýeti ölüm jezasyna garşy IX Bütindünýä kongresine gatnaşdy

bilim yaslar 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hünär bilimini döwrebaplaşdyrmak – möhüm wezipe

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop