Dark
Light
12.08.2026
iuhd 2022 2023 scaled THE ASHGABAT TIMES

Bilimiň kämil geljegi

10.07.2026

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin meýilnamasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ösüş ýolunda täze sahypany açdy. Milli bilim ulgamyny halkara ülňülere laýyk getirmek, bäsdeşlige ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de ylmy-bilim gurşawyny döwrebaplaşdyrmak maksadyny göterýän bu uly göwrümli resminama Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem 2026-njy ýylda uly guramaçylyk we döredijilikli zähmet bilen durmuşa ornaşdyrylyp başlandy.

Ýylyň başyndan bäri uniwersitetimizde amala aşyrylan işler bu Strategiýanyň esasy ugurlaryna doly laýyk gelip, bilimiň hilini täze derejelere götermäge gönükdirildi.

Strategiýada bellenen talaplara laýyklykda, uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan okuw dersleri boýunça täze elektron maglumatlar hem-de kämil okuw-usuly toplumlary taýýarlanyldy. Okatmak işinde sanly platformalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, e-okuw binýadyny giňeltmek we dersleri innowasion usullar arkaly guramak tejribesi doly kämilleşdirildi.

Dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim merkezleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda 2026-njy ýylda netijeli ädimler ädildi. Uniwersitetimiz tarapyndan dünýä derejeli ylym-bilim edaralar bilen halkara işleri işjeňleşdirildi. Şeýle-de, uniwersitetiň dünýä reýtinglerindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy.

2026-njy ýylyň martynda uniwersitetimiziň binýadynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky VI Açyk Matematika Olimpiadasyny (OMOUS-2026) halkara derejesindäki ylmy hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, AELLCA (Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy çaltlandyrmak) taslamasynyň çäklerindäki okuw we taslama işleri ýaşlaryň iňlis dili başarnyklaryny we halkara diplomatiýa ukyplaryny synamakda uly ähmiýete eýe boldy.

Mundan başga-da, milli we ahlak gymmatlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, wagyz-nesihat we usuly-iş çäreleri uniwersitetiň fakultetlerinde, şol sanda giňden guraldy. Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, ahalteke atlarynyň taryhyny we milli sungatymyzy dabaralandyrýan ylmy konferensiýalar talyplaryň medeni-ahlak dünýäsini baýlaşdyrdy.

Görşümiz ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi we talyp ýaşlary «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekýärler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlaryny kemala getirmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

9 july crvs THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy we demografik statistika ulgamynda sanlylaşdyrmany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

arkadag saher 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri – döwrüň we dünýäniň buýsanjy

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop