Dark
Light
12.08.2026
1784997701733 THE ASHGABAT TIMES

Dünýä çempiony bolan Ispaniýa näme üçin ABŞ-a 15 million dollar tölemeli?

25.07.2026

2026-njy ýylda futbol boýunça Dünýä çempionatynda ýeňiji bolan Ispaniýa ýygyndysy garaşylmadyk maliýe çykdajysy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Habara görä, topar çempionlyk üçin alan baýragynyň bir bölegini ABŞ-nyň salgyt kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda salgyt hökmünde tölemeli bolar.

ABŞ-nyň kanunlaryna görä, ýurduň çäginde girdeji gazanan daşary ýurtly rezident däl şahslar, eger halkara salgyt şertnamalary arkaly ýeňillik göz öňünde tutulmasa, şol girdejiniň 30 göterimi möçberinde federal salgyt tölemeli bolýar.

Ispaniýa ýygyndysy dünýä çempionatyndaky ýeňşi üçin jemi 50 million dollar baýrak aldy. Emma ABŞ tarapy futbol toparyny bitewi bir gurama hökmünde däl-de, aýratyn oýunçylardan ybarat topar hökmünde kabul etdi. Şonuň üçin salgyt her bir futbolçy üçin aýratynlykda hasaplanyldy.

Netijede, Ispaniýa ýygyndysynyň ABŞ-nyň býujetine 15 million dollara çenli salgyt tölemegi mümkin. ABŞ Kongresiniň käbir agzalary bolsa sportçylara şeýle ýokary salgyt derejesiniň ulanylmagyny tankyt edip, düzgünleriň täzeden gözden geçirilmelidigini aýtdylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1784788039734 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

DÇ-2026: Argentinada ýeňlişi kabul etmek kynlaşýar

garassyzlyyk 35 yyl THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop