Dark
Light
10.08.2026
images 2 THE ASHGABAT TIMES

Ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygy

17.07.2026

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran iň möhüm meseleleriň biri hem ekologiýa abadançylygydyr. Ykdysady ösüşleriň, şäherleşmegiň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösmegi tebigata edýän täsirini hem güýçlendirýär. Şonuň üçin tebigaty goramak, daşky gurşawy arassa saklamak häzirki döwrüň möhüm talaby hökmünde çykyş edýär.

Ekologiýa – bu diňe bir tebigaty goramak däl, eýsem adamzadyň saglygyny, ýaşaýyş derejesini we geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmekdir. Arassa howa, arassa suw we tebigy baýlyklar bolmasa, sagdyn durmuş barada gürrüň etmek hem kyn bolýar. Şonuň üçin hem her bir adam tebigata bolan gatnaşyklarynda jogapkärçilikli bolmalydyr.

Soňky ýyllarda dünýä ýüzünde howanyň hapalanmagy, tokaýlarda agaçlaryň kesilmegi, suw serişdeleriniň azalmagy ýaly meseleler aýratyn üns merkezinde durýar. Bu ýagdaýlar diňe bir tebigata däl, eýsem adamlaryň saglygyna hem uly täsir edýär. Şonuň üçin ekologiýa medeniýetini ösdürmek, ýaş nesle tebigaty söýmegi we ony goramagy öwretmek möhüm wezipeleriň biridir.

Türkmenistanda hem ekologiýa meselesine uly üns berilýär. Ýurdumyzda bag ekmek, ýaşyl zolaklary giňeltmek, şäherleriň we obalaryň arassaçylygyny saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri tebigata bolan söýginiň aýdyň nyşanydyr.

Ekologiýa medeniýeti diňe döwlet derejesindäki çäreler bilen çäklenmeýär, ol her bir raýatyň gündelik durmuşynda hem öz beýanyny tapmalydyr. Zibil taşlamazlyk, suwy tygşytly ulanmak, tebigata zyýan ýetirmezlik ýaly endikler jemgyýetiň ekologiýa taýdan arassa bolmagyna uly goşant goşýar.

Ekologiýa – diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem bähbidine degişli möhüm talapdyr. Tebigaty goramak, ony arassa saklamak we baýlyklaryny akylly-başly peýdalanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki arassa tebigat – sagdyn durmuş we ýagty geljekdir.

Tyllagül GYLLYÝEWA

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

images 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Jana şypaly tebigat

images 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy – mirasyň we medeniýetiň baýramy

Soňkylar Makalalar

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu

Tomus we usulyýet

07.08.2026
Tomus çagalar üçin sagaldyş, dynç alyş möwsümi bolsa-da, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri üçin hünäri kämilleşdirmegiň, geçen döwürde öwrenilenleri özleşdirmegiň, täze okuw ýylyna
GitTop