Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu möhüm maksatnama hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Emeli aň (EA), adama mahsus tebigy aňdan tapawutlylykda, enjamlaryň (ýa-da kompýuterleriň) görkezýän düşünjeli hereketlerini aňladýar. Häzirki döwürde emeli aň biziň durmuşymyza giňden ornaşyp, bu tehnologiýadan ýygy-ýygydan peýdalanýarys. Ol döwrebap smartfonlardan başlap, özi dolandyrylýan awtoulaglara çenli giňden ornaşdyrylýar. Internetde maglumat gözlemek, biometrik ýüz tanamak ýa-da aýdylan sözleri tekste öwürmek ýaly mümkinçilikler muňa mysaldyr. Şeýle amallaryň merkezinde emeli aň durýar we ol matematika, algoritmlere esaslanyp, işimizi aňsatlaşdyrýar.
Emeli aň tehnologiýasy adam beýnisiniň gurluşy we işleýiş usuly bilen berk baglanyşyklydyr. Alymlaryň pikiriçe, adam beýnisiniň nähili işleýändigine we pikirlenýändigine düýpli düşünmek şol mehanizmleri kompýuterde gaýtalamaga mümkinçilik berýär. Adam beýnisiniň öwrenmek, pikirlenmek we hereket etmek usulyny gaýtalap, şol bir işleri ýerine ýetirip bilýän enjamy oýlap tapmak mümkinçiligi döreýär. Sebäbi emeli aň — bu adam aňynyň amallaryny enjamlar, kompýuter ulgamlary ýa-da programmalar arkaly simulýasiýa etmekdir. Başgaça aýdanymyzda, emeli aň — adam aňynyň pikirlenmek, öwrenmek we çözgüt kabul etmek ukybyny kompýuter arkaly gaýtalamakdyr.
1950-nji ýyllarda, ýagny iňlis matematigi Alan Týuringiň «Hasaplaýyş enjamlary we aň» atly işiniň çap edilen, amerikan informatigi Jon Makkartiniň «emeli aň» adalgasyny ilkinji gezek ulanan döwründe bu ugur kemala gelip başlaýar. Şondan bäri birnäçe ösüş döwrüni başdan geçiren emeli aň babatda XXI asyrda ýokary tehnologik ösüşlere ýetilýär. Umuman, emeli aň bilen adam akylynyň özboluşly taraplary nazara alnanda, olaryň biri-biriniň üstüni ýetirmegi ösüşiň şertidir. Emeli aň tehnologiýalarynyň häzirki ösüş tapgyrynda olaryň döredilişi, ulanylyşy bilen baglanyşykly etiki we amaly meseleleri hem çözmek wajyp talap hökmünde öňe çykýar.
Jennet BAÝYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby.