Dark
Light
10.07.2026
azer yk ministr THE ASHGABAT TIMES

Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

08.07.2026

2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzy taryhy we medeni däpleriň umumylygy, özara hormat goýmak, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Türkmenistan hem-de Azerbaýjan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge itergi berip, netijeli özara gatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyna sowgat berlen “Dostluk” gämisi üçin azerbaýjan tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.

Medeni-ynsanperwer ugur türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bolsa Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň ýokary derejede geçirilendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda “Tebigat — ene” atly halkara çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýändigini belledi. Munuň özi iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

unod s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

zahmet terbiye THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zähmet terbiýesinden söz açyp…

Soňkylar Habar

GitTop