Dark
Light
12.08.2026
garassyzlyyk 35 yyl THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyz Watanymyz – göwünlerimiziň buýsanjy

07.07.2026

Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, Bitaraplygy bilen beýgelen agzybir halkymyzy bu mukaddes gymmatlyklara bolan belent hormat-sarpa, eziz Watanymyza egsilmez söýgi has-da jebisleşdirýär, täze üstünliklere, beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli atçylyk we atçylyk sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi häzirden sazlaşykly işiň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipedir.

Her ýylyň güýzünde, adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet münberiniň öňündäki giň meýdançada Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralary hemmämiziň kalbymyzda berkarar döwletliligimize bolan buýsanç duýgusyny joşdurýar. Şol dabaralaryň iň ajaýyp pursatlarynyň biri hem ahalteke bedewleriniň baýramçylyk ýörişidir. Däp bolşy ýaly, dabaraly harby ýörişden soň, meýdança türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri çykanda, baýramçylyk şatlygy täze bir öwüşgine eýe bolýar. Nesip bolsa, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralary-da şeýle ýatda galyjy wakalara baý bolar.

Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly. Her bir günümiziň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregimizi has-da joşduryp, ruhumyzy galkyndyrýar. Biz — ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Sabina SETDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim talyp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň strategik tapgyry

tejribelik hgi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hünär ýolunda ilkinji ädimler

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop