Döwrebap jemgyýetiň we kuwwatly ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji bilimli nesillerdir. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasy milli bilim ulgamyny düýbünden täze, innowasion sepgitlere çykarmaga gönükdirilen taryhy ädimdir.
Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň bäsleşige ukyplylygy we durnukly ösüşi onuň ylmy-intellektual kuwwatyna, ýagny ýokary bilimli hünärmenlerine baglydyr. Şol sebäpli hem ýokary hünär bilimini ösdürmegiň döwlet strategiýasy, jemgyýetiň hem-de ykdysadyýetiň häzirki zaman talaplaryna we geljekki meýillerine laýyklykda kesgitlenilýär. Bu uzak möhletli resminamalar öňümizdäki çäreleriň anyk ugurlaryny kesgitlemek bilen, diňe bir nazary bilimi bolan däl, eýsem amaly başarnyklary ösen, innowasion pikirlenip bilýän we sanly tehnologiýalary kämil özleşdiren hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr.
2026 — 2052-nji ýyllary öz içine alýan uzak möhletli Strategiýa milli hünärmenleriň global zähmet bazarynda bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär we onuň ilkinji amaly tapgyry bolan 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasy öňde has anyk wezipeleri goýýar. Bu döwürde ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, bilim bermek prosesini doly sanlylaşdyrmak iň esasy ugurlaryň biri hökmünde öňe çykýar. Ýokary okuw mekdeplerinde elektron bilim platformalarynyň, wirtual barlaghanalaryň we sanly kitaphanalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilimiň elýeterliligini we hilini täze derejä çykarýar.
Bilim we terbiýe biri-birinden aýrylmaz düşünjeler bolup, ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän ylmy, medeni we sport gurnaklary ýaşlaryň döredijilikli ukyplaryny ýüze çykarmaga hem-de olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna şert döredýär. Häzirki zaman bilim strategiýasy diňe auditoriýa sapaklary bilen çäklenmän, ýokary okuw mekdeplerini ýurduň ykdysady pudaklarynyň isleglerine esaslanýan uly ylmy-barlag merkezlerine öwürmegi hem şertlendirýär. Talyplaryň we ýaş alymlaryň alyp barýan ylmy işleri önümçilik bilen göni bagly bolup, ýokary okuw mekdepleriniň ýurduň ösen kärhanalary, ylmy-barlag institutlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy nazaryýetiň we amalyýetiň bitewüligini üpjün edýär.
Jemläp aýdanyňda, bu Strategiýa we onuň ilkinji bäş ýyllyk Meýilnamasy Türkmenistanyň ylmy we intellektual kuwwatyny täze asyra alyp barýan ynamly gadamydyr. Bu ugurdaky yzygiderli we ulgamlaýyn özgertmeler ýurduň intellektual kuwwatyny has-da berkidip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny täze belentliklere çykarjak kämil, milli gymmatlyklara we döwrebap ylma daşan täze nesliň kemala gelmegini üpjün eder.
Gülnahal MYRATGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.