Dark
Light
12.08.2026
tejribelik hgi THE ASHGABAT TIMES

Hünär ýolunda ilkinji ädimler

07.07.2026

Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, saýlap alan hünärleri boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ösdürmek, olaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, biz her okuw ýylynda öz hünärimize görä degişli ýerlere, aýratyn hem, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalaryna, milli teleradioýaýlymlarymyza önümçilik tejribeligine ýollanýarys. Şeýdibem, öwrenen zatlarymyzy tejribe üsti bilen has-da berkidýäris.

Talyplyk ýyllarynda dürli ugurlar boýunça geçirilýän önümçilik tejribelikleri ýaşlaryň hünär başarnyklaryny ösdürýän täsirli usullaryň biridir. Okuw döwründe öwrenilen maglumatlaryň iş ýüzünde synagdan geçirilmegi, hünärmenleriň maslahatlaryny diňlemek we degişli gurşawda tejribe toplamak ýaşlaryň özlerine bolan ynamyny artdyrýar. Ýaşlaryň hünär ýolunda gazanýan her bir tejribesi olaryň geljekki üstünlikleriniň berk binýadyny döredýär.

Tejribe döwründe ýaşlar saýlan hünärleriniň aýratynlyklary bilen has içgin tanyşýarlar. Olar iş ýerindäki tertip-düzgün, hünär jogapkärçiligi, döredijilikli çemeleşme ýaly möhüm ýörelgeleri öwrenýärler. Şeýle hem dürli işleri ýerine ýetirmek arkaly özleriniň başarnyklaryny kämilleşdirýärler we geljekki hünärlerine bolan höweslerini has-da güýçlendirýärler.

Hünär taýdan ösüş diňe bir bilim almak bilen çäklenmeýär. Ol yzygiderli öwrenmegi, täze tejribeleri özleşdirmegi we öz üstüňde işlemegi talap edýär. Şonuň üçin biz ― ýaşlaryň tejribe geçmegi geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmegimizde uly ähmiýete eýedir. Döredilýän şeýle mümkinçilikler ýaş nesliň öz mümkinçiliklerini doly açmagyna, döwrebap pikirlenýän, bilimli we zähmetsöýer hünärmenler bolup kemala gelmegine ýardam berýär.

Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyzlyyk 35 yyl THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyz Watanymyz – göwünlerimiziň buýsanjy

osnovnoe foto THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiýeti Ženewada geçirilýän “Kodeks Alimentarius” komissiýasynyň (toparynyň) 49-njy mejlisine gatnaşýar

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop