Dark
Light
13.08.2026
4d312a68 ca3a 42b3 b54b d3f9cc5343c2 THE ASHGABAT TIMES

Hytaýyň Sinszýan sebitinde adam şekilli robotlar ýerli tagamlary bişirmäge synanyşdy

31.07.2026

Nahar bişirmek diňe hereketleriň we takyk hasaplamalaryň toplumyndan ybarat däldir. Bu — adamyň öz içki duýgusyny, tejribesini we kalbyny siňdirýän sungatdyr. Robot basyş güýjüni ýa-da ýagyň temperaturasyny kämil derejede hasaplap biler, ýöne hamyryň azajyk köp suw talap edýändigini ýa-da etiň biraz pes otda bişirilmelidigini duýup bilmeýär. Nahar taýýarlamak enjamlar üçin iň çylşyrymly wezipeleriň biri bolmagynda galýar, sebäbi bu ýerde üstünlik diňe algoritmlere däl, eýsem programmalaşdyryp bolmaýan zatlara hem baglydyr. Häzirlikçe robotlar diňe öwrenýärler we hakyky ussatlyga ýetmek üçin olaryň entek uzak ýol geçmegi gerek.

Çarşenbe güni Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde adam şekilli robotlaryň gatnaşmagynda aşpezlik şüweleňi geçirildi. Olar ýerli tagamlary taýýarlamak arkaly öz mümkinçiliklerini synagdan geçirdiler we bedenleşdirilen emeli aňyň hem-de çeýe robot tehnikasynyň gazananlaryny görkezdi. Janly görkeziliş milli derejedäki syýahatçylyk we dynç alyş zolagy bolan, altyburç görnüşli özboluşly köçe gurluşy bilen tanalýan Inin şäheriniň Lýusin köçesinde geçirildi. Robotyň dürli aşpezlik işlerini ýerine ýetirşini görmek üçin ýerli restorana köp sanly myhman ýygnandy.

Ilki bilen robot kebap bişirdi we eti şişlere düzdi. Bu bolsa barmaklaryň, bilekleriň we gollaryň örän takyk sazlaşykly hereket etmegini, şeýle hem ýumşak we deň däl et bölekleri bilen işlän wagty güýç ulanylyşyna takyk gözegçilik etmegi talap edýär. Ýöriteleşdirilen bir hepdelikden hem az dowam eden taýýarlykdan soň robot esasy amallary ýerine ýetirip bildi, emma tejribeli aşpezlerden ep-esli yza galdy.

Iň kyn synaglaryň biri elde çekilýän lagman boldy. Bu Sinszýanyň iň meşhur milli tagamlarynyň biridir. Ýumşak we taýganak hamyr robot üçin aýratyn kynçylyk döredýär, sebäbi ony ýyrtmazdan ýa-da elinden gaçyrmazdan çekmek üçin takyk zerur bolan güýji ulanmak gerek bolýar. Robotyň çeýe ellerine ýerleşdirilen taktil datçikler hamyry çekilende basyşdaky we hereketdäki üýtgeşmeleri anyklaýar. Ulgam dürli ugurlardan ulanylýan güýçleri hasaba alýar, bu bolsa inženerlere her bir synanyşygy seljermäge hem-de gaýtalanýan okuw we maglumatlary ýygnamak arkaly robotyň mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjileriň bellemegine görä, her bir hereket we her bir taktil täsir gymmatly maglumatlary döredýär, bu bolsa robotyň mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge ýardam edýär. Olar şeýle hakyky şertlerde ýerine ýetirilýän wezipeleriň adam şekilli robotlaryň has giň amaly ugurlara uýgunlaşmagyny çaltlandyrjakdygyna we olaryň senagatda hem-de gündelik durmuşda has giňden ulanylmagyna ýol açjakdygyna ynanýarlar.

Bu aşpezlik şüweleňi 22–26-njy awgust aralygynda Pekinde geçiriljek adam şekilli robotlaryň ikinji Bütindünýä oýunlarynyň öňüsyrasyndaky çäre hökmünde hyzmat edýär. Görkezişiň geçirilen ýeri bolan Inin şäheri Sinszýanyň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Şäher özboluşly köçe gurluşy we uýgur milli aşhanasynyň baý medeniýeti bilen tanalýar. Nahar bişirmek ýaly hakyky şertlerde robotlary synagdan geçirmek inženerlere barlaghanada almak mümkin bolmadyk maglumatlary ýygnamaga we uýgunlaşýan algoritmleriň ösüşini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu barada CCTV+ habar berýär. Pekinde geçiriljek adam şekilli robotlaryň ikinji Bütindünýä oýunlary bu tehnologiýanyň ösüşini bahalandyrmakdaky indiki möhüm tapgyr bolar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

wattfpkcafk6hjzyuad13dxbxvdrke 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ilçisi BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

emeli an THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Emeli aň boýunça WAIC 2026-nyň başlygynyň beýannamasy çap edildi

Soňkylar Dünýä habarlary

Kolumbiýanyň täze Prezidenti kasam kabul etdi

10.08.2026
Telekeçi we syýasatçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Inaugurasiýa dabarasy Caracol teleýaýlymynda göni efirde görkezildi. Dabara paýtagt Bogotada däl-de,
GitTop