Dark
Light
12.09.2026
sanly ulgam kiber THE ASHGABAT TIMES

Kiberhowpsuzlyk – maglumat goraglylygynyň kepili

30.07.2026

Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň kämilleşmegi ynsan durmuşyny görnetin ýeňilleşdirdi. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem maglumatlaryň ygtybarly goralmagy döwletiň hem-de jemgyýetiň abadançylygynyň esasy şertleriniň biridir. Maglumatlary goramak bolsa «kiberhowpsuzlyk» diýlip atlandyrylýan ýörite ylma öwrüldi.

Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary her bir adamyň şahsy maglumatlaryny goramakdan başlap, işewürlik we ylmy syrlary goramak, edara-kärhanalaryň hem-de gulluklaryň kadaly işini üpjün etmek ýaly köp ugurlarda peýdalanylýar.

Maglumatlaryň goragyny üpjün etmekde ýöriteleşdirilen gulluklaryňdyr düzümleriň alyp barýan işleri bilen bir hatarda her bir adamyň şahsy jogapkärçiligi hem örän möhümdir. Şol jogapkärçilik her birimiziň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanan mahalymyzda howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegimiz bilen baglanyşyklydyr. Sanly tehnologiýalardan peýdalanylanda ygtybarly açar sözleri ulanmak, internet arkaly töleg amallaryny ýerine ýetirmegiň düzgünlerini berjaý etmek, wiruslara garşy programmalardan peýdalanmak, maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasyny saklamak, näbelli gelip çykyşly maglumat göterijilerden gaça durmak we beýlekiler degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talabyndan ugur alnyp, sanly ulgamy ösdürmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň, jemgyýetiň abadançylygynyň güwäsidir. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Aýlar ATAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emeli an THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Emeli aň – tehnologik ösüşiň täze derejesi

belgiya athana THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň ilçisi Belgiýadaky ahalteke atlary ýetişdirilýän athana bardy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop