Dark
Light
10.08.2026
kitap okayan 26 THE ASHGABAT TIMES

Kitap – ylymlar dünýäsiniň altyn açary

13.07.2026

Kitap adama ylham eçilip, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Adamzat durmuşynyň ösmeginde, täze açyşlaryň edilmeginde kitaba uly orun degişlidir. Sebäbi kitap ylymlar dünýäsiniň altyn açaryny özünde saklaýan gymmatlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary özünde saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler.

Okamaga, öwrenmäge maýyl ynsanyň kitaba hormaty uludyr. Kitap ynsana edep-terbiýeliligi, adamkärçiligi öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär. Şeýle hem Watanyňa, halkyňa bolan buýsanjy terbiýeleýär. Şonuň bilen birlikde-de, kitap adamyň akyl zähmetiniň miwesidir. Kitabyny jemgyýete hödürlän şahsyýet öz eserini ýazmak üçin düşünjelerini, duýgularyny we zähmetini sarp edýär. Ýeri gelende, tutuş bir ömür bagyş edilip ýazylýan kitaplaryň bardygyny-da belläp geçmek gerek. Ine, şol sebäpden hem halkymyz kitaba uly hormat goýup, ony saçagyndaky duza deňäpdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinde kitap okamagyň peýdasy hakynda şeýle diýilýär: «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär». Dogrudan-da, bilim bilen terbiýe bir bitewülige eýe bolup, bahasyz baýlyga, ruhy gymmatlyga öwrülýär. Şonuň üçin hem ýaş nesillerimizi milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemekde olary kitap okamaga höweslendirmek zerurlygy ýüze çykýar.

Hhäzirki zaman dünýäsiniň ösüşi kitaplar bilen berk baglanyşyklydyr. Kitaplar — ynsanyýetiň ruhy hazynasy. Şonuň üçinem ösüp gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan söýgini döredip, olary okamaga yzygiderli höweslendirmek zerurdyr. Kitap okamak, gerekli ylym-bilimleri öwrenmek bagtyýar durmuşyň kepili bolup durýar. Goý, milli kitaphana ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Bagtygül GELDIMYRADOWA,
Döwletli etrabynyň Daşrabat geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yylyn sygar bedew 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedewiň owazy – bagtyň buşlugy

bilim talyp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň 20-si açylýar

Soňkylar Makalalar

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu

Tomus we usulyýet

07.08.2026
Tomus çagalar üçin sagaldyş, dynç alyş möwsümi bolsa-da, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri üçin hünäri kämilleşdirmegiň, geçen döwürde öwrenilenleri özleşdirmegiň, täze okuw ýylyna
GitTop