2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Döwranberdi Annaberdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän Batyr Orazgylyjowy bellemek barada karara gelendigini aýtdy.
B.Orazgylyjow bildirilen ynam üçin hoşallygyny beýan edip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
«THE ASHGABAT TIMES».