Dark
Light
10.07.2026
bilim yaslar 26 THE ASHGABAT TIMES

Rowaçly menziller – kalbymyzyň buýsanjy

08.07.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ykdysady, medeni we jemgyýetçilik taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar, dünýä döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan daşary syýasaty halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýar.

Milli Liderimiziň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetiň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli maksatnamalaryň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklary döwrebaplaşdyrylýar, önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, şäherleriň we obalaryň keşbi barha özgerýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryna gadam basandygyny görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär» diýip belleýär. Şunda ösüşleriň möhüm ugry hökmünde ýaş nesle aýratyn üns berilýär. Döwlet ýaşlaryň bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi, sagdyn we ruhubelent ösmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş ýolunda ýaşlar esasy güýç hökmünde çykyş edýär. Olaryň Watana wepaly, bilimli, döredijilikli we ruhubelent bolup ýetişmegi ýurdumyzyň röwşen geljeginiň berk binýadydyr. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Yhlas AKÖÝLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim talyplar 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek – durnukly ösüşiň girewi

bedew 26 taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şöhratly bedewlerimiziň waspy dünýä dolýar

Soňkylar Makalalar

Zähmet terbiýesinden söz açyp…

09.07.2026
Zähmetsöýerlik ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ýörelgeleriň biridir. Şonuň üçin hem pederlerimiz nesilleriň zähmet terbiýesine hemişe uly üns beripdirler. Oguldyr gyzlaryna çagalygyndan zähmete, kesp-käre, hünäre

Şöhratly bedewlerimiziň waspy dünýä dolýar

08.07.2026
Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň sanawyndan orun almagy biziň her birimizi buýsandyrýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —

Hünär ýolunda ilkinji ädimler

07.07.2026
Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, saýlap alan hünärleri boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ösdürmek, olaryň nazary
GitTop