Dark
Light
10.07.2026
bedew 26 taze THE ASHGABAT TIMES

Şöhratly bedewlerimiziň waspy dünýä dolýar

08.07.2026

Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň sanawyndan orun almagy biziň her birimizi buýsandyrýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde bedew at aýratyn orna eýedir. Ol milli baýlygyň, ösüş tizliginiň hem-de döwletimiziň okgunly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Häzirki döwürde bedew batly ösüşler ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Şunda şanly ýylymyzyň şygarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň goşa mukaddeslik hökmünde şöhlelenmegi çuňňur mazmuna eýedir. Şöhratly bedewlerimiziň dünýä derejesinde giňden ykrar edilip, türkmen bedewleriniň gadymy mekanynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzda we dünýäde atçylyk sungatynyň ösdürilmegine möhüm goşantdyr.

Gahryman Arkadagymyz: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!» diýip belleýär. Şu jähetden, atçylyk sungaty halkymyzyň ýaşaýyş filosofiýasynyň, döwletlilik däpleriniň möhüm bölegidir. «At — myrat» diýen pähim hem bedewiň türkmen durmuşyndaky aýratyn ornuny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly gymmatly eserleri bolsa türkmen bedewlerini öwrenmekde baý mazmuna eýedir.

Bedew batly ösüşlerimiz hem-de gazanýan uly üstünliklerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şol beýik ösüşler bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldip, behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň ajaýyp miwesidir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Bedew atlarymyz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr».

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim yaslar 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Rowaçly menziller – kalbymyzyň buýsanjy

bedew niderland THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýewropada geçiriljek ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär

Soňkylar Makalalar

Zähmet terbiýesinden söz açyp…

09.07.2026
Zähmetsöýerlik ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ýörelgeleriň biridir. Şonuň üçin hem pederlerimiz nesilleriň zähmet terbiýesine hemişe uly üns beripdirler. Oguldyr gyzlaryna çagalygyndan zähmete, kesp-käre, hünäre

Rowaçly menziller – kalbymyzyň buýsanjy

08.07.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ykdysady, medeni we jemgyýetçilik taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde

Hünär ýolunda ilkinji ädimler

07.07.2026
Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, saýlap alan hünärleri boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ösdürmek, olaryň nazary
GitTop