Dark
Light
12.08.2026
caga tomus 20225555 THE ASHGABAT TIMES

Tomus şatlygy: çagalar baglarynda gyzgalaňly günler

01.07.2026

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleri berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn we hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler edip kemala getirmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işlere möhüm orun degişlidir.

Ýurdumyzda tomus möwsüminde çagalaryň beden we ruhy taýdan ösmegi üçin amatly şertler döredilen. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen arassa howada gezelenç edip, irden howa gyzmanka, 10 — 20 minut Gün şöhlesinden ýeterlik paýyny almaga, suwda taplanmaga, witaminlere we ýokumly minerallara baý bolan ir-iýmişler, miweler, gök önümler bilen iýmitlenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikler tomus möwsüminiň işini doly we dogry ýola goýmagyň aýratynlyklaryny emele getirýär.

Tomus möwsüminde körpeler bilen geçirilýän işleriň esasy aýratynlyklary many-mazmunly, öwrediji we hereketli oýunlary oýnatmakdan, tebigata, daş-töwerege gezelençleri guramakdan, aýdym-sazly çykyşlardan we başga-da birnäçe gyzyklanma çärelerinden ybarat bolmagydyr. Tomus möwsüminde guralýan çäreler körpeleriň tebigy zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edýär. Çagalaryň erkin hereket etmegi olaryň özara aragatnaşyklaryny, biri-birlerine agzybir we hoşniýetli garamak duýgularyny ösdürmegi kemala getirýär. Döredijilikli işler, guralýan gezelençlerdir bäsleşikler olaryň ruhy, akyl taýdan ösüşine täsir edýär.

Tomus möwsüminde işleriň dogry guralmagy çaganyň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegini göz öňünde tutýar. Çagalar baglarynda tomus möwsüminiň gün tertibini dogry we talabalaýyk ýerine ýetirmek körpeleriň sagdyn bolup ösüp ýetişmegine ýardam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kemala gelýän ýaş nesliň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeginde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ogulbäbek KAKABAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ylymlar guni 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym we innowasiýalar – ösüşiň esasy şerti

and china have si 7318634fbf3172a58af7c638ddc76184 sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze resminamalara gol çekdiler

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop