2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Prezident Masud Pezeşkian belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Milli Liderimiziň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy matam çäresiniň geçiriljek ýerine — Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi. Metjitde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyz merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Biribardan merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi.
Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».