Dark
Light
12.08.2026
pattaya THE ASHGABAT TIMES

Türkmen türgenleri yklym çempionatynda 5 medal gazandylar

13.07.2026

Tailand Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen 15 we 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýanyň çempionaty türkmen pälwanlary üçin uly üstünlik bilen tamamlandy: ýygyndy toparymyz grek-rim we erkin göreş boýunça jemi 5 medal gazandy. Şolaryň biri altyn, üçüsi kümüş, ýene biri hem bürünç medaldyr. Yklymyň 20 döwletinden türgenleriň 500-den gowragyny özünde jemlän ýaryşda türkmen türgenleriniň başarnygy uly seslenme döretdi.

20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Döwletgeldi Myradow erkin göreş boýunça 92 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala eýe bolup, Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu çempionatdaky iň ýokary netijesini gazandy. Ol hytaýly garşydaşyny 10:0, eýranly Amirhosseýn Hakpakafşkarkolaýini 4:2 hasabynda ýeňdi, finalda bolsa gazagystanly Beýbarys Ýergalini 10:2 hasabynda utdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yanlan diyar 26 asg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça tapgyry geçirildi

yuniseff THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen ÝUNISEF adam maýasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maslahatlaşdylar

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop