Kali, Kolumbiýa — 2026. Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýaş türgenleri ynamly we netijeli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu üstünlikler ýurdumyzyň agyr atletika mekdebiniň ýokary derejesini tassyklaýar.
Erkekleriň arasynda 60 kilogram agram derejesinde çykyş eden Atabek Azamatow 111 kg “snatch” we 134 kg “clean & jerk” bilen jemi 245 kg netije görkezdi we ikinji orny eýeledi.
Zenanlaryň arasynda 53 kilogram agram derejesinde çykyş eden Ogulşat Amanowa 86 kg “snatch” we 105 kg “clean & jerk” bilen jemi 191 kg netije görkezdi we altyn medalyň eýesi boldy.

Şol agram derejesinde çykyş eden Şabnam Kerimbaýewa bolsa 83 kg “snatch” we 105 kg “clean & jerk” bilen jemi 188 kg netije görkezdi we bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen türgenleriniň çykyşlary halkara hünärmenler tarapyndan ýokary bahalandyryldy. Çempionata dünýäniň onlarça ýurdundan gelen türgenleriň gatnaşmagynda ýokary bäsleşik derejesinde we sport ruhunda geçirildi.