Dark
Light
13.08.2026
discu a1b944080c4359ae42b1ac1c04e2b33f sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan bilen Türkiýe deňiz gatnawlaryny ösdürmek meselelerine garady

03.07.2026

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary boýunça döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu bilen Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitiniň çäklerinde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky deňiz gatnawlaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda gämi gatnawlary, port infrastrukturasy hem-de Hazar sebitindäki ulag arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryna hem garaldy. Bu barada Abdulkadir Uraloglu penşenbe güni özüniň X sosial sahypasynda habar berdi.

“Biz deňiz pudagyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň üsti bilen Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrarys” diýip Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri belledi.

Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitinde döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de pudaklaýyn guramalaryň wekilleri deňiz ulaglary, gämi gatnawlary, port infrastrukturasy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlendi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kronenberg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär

yewropa par 8430d4b8b7ac82bc2eda71b22cd30d6c sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen wekiliýeti Ýewropa Parlamentinde strategik ulag arabaglanyşygyny maslahatlaşdy

Soňkylar Habar

GitTop