Dark
Light
12.08.2026
unfpa tm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda Adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygy goramaklyga gönükdirilen Başlangyç Hyzmatlaryň Minimal Toplumy babatynda Hereketleriň Milli Meýilnamasy täzelendi

02.07.2026

2026-njy ýylyň iýuly, Aşgabat – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) Adatdan daşary ýagdaýlarda reproduktiw saglygy goramaklyga gönükdirilen Başlangyç hyzmatlaryň minimal toplumy (BHMT) babatynda Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň täzelenen görnüşini tassyklady. Meýilnama Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) tehniki goldaw bermeginde täzelendi. BHMT adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan pursatynda ilkinji nobatda hökmany suratda ornaşdyrylmaly, ileri tutulýan we ýaşaýyş üçin möhüm bolan lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilen toplumydyr. Bu gural adatdan daşary ýagdaýlarda aýallaryň we täze doglan çagalaryň arasyndaky ölümçiligiň hem-de kesellemeleriň öňüni almaga, şeýle hem olaryň hukuklaryny we saglygyny goramaga gönükdirilendir.

Bu strategik resminamanyň öňki görnüşi milli edaralar tarapyndan 2014-nji ýylda kabul edildi. BHMT-niň täzeden seredilen we goşmaçalar girizilen görnüşi TSGDSM bilen UNFPA-nyň bilermenler bilen geçiren bilelikdäki geňeşmelerinde ýerine ýetirilen hemmetaraplaýyn seljermeleriň netijesine esaslanýar.

Основными целями обновленного Национального плана действий по МКНМ являются обеспечение непрерывности и доступности качественных услуг в области родовспоможения и планирования семьи при чрезвычайных ситуациях, предотвращение сексуального насилия и оказание помощи пострадавшим, а также снижение передачи ВИЧ и других инфекций, передаваемых половым путем. Особое внимание в документе уделено четкому распределению ролей и обязанностей среди ключевых национальных ведомств, укреплению межведомственной координации, финансированию и устойчивой интеграции данных мер в государственные системы.

BHMT babatda Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň täzelenen görnüşiniň esasy maksatlary adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly akuşerçilik we maşgalany meýilleşdiriş ugrunda ýokary hilli hyzmatlaryň üznüksizligini we elýeterliligini üpjün etmekden, jynsy zorlugyň öňüni almakdan we zorlukdan ejir çekenlere kömek bermekden, şeýle hem AIÝW-yň we jynsy ýol bilen geçýän beýleki ýokançlaryň ýaýramagynyň öňüni amakdan ybaratdyr. Resminamada milli edaralaryň arasynda wezipeleriň anyk bölünmegine, pudagara utgaşdyrylyşyň berkidilmegine, maliýeleşdirilişe hem-de bu çäreleriň döwlet ulgamlaryna girizilmegine aýratyn üns berilýär. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ralli reyd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

1782987566210 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Azerbaýjan – Türkmenistan: üýtgeýän sebit gün tertibinde strategik hyzmatdaşlyk – INTERWÝU

Soňkylar Habar

12-nji awgust – Hazar deňziniň güni

12.08.2026
Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu halkara sene Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak
GitTop