Dark
Light
10.08.2026
montana senator THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

10.07.2026

2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we döwletara konstruktiw dialogyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi berýän ýokary derejeli saparlaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şeýle hem taraplar özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň netijeli guraly hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem aýratyn üns berildi. Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem söwda, maýa goýumlar, ulag we logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşiniň möhüm orny nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Taraplar konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1783545875487 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Hökümetara toparyň 9-njy mejlisi geçirildi

9 july crvs THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy we demografik statistika ulgamynda sanlylaşdyrmany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Habar

GitTop