Dark
Light
13.08.2026
resmi surat THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň medeniýet ministri bellenildi

11.07.2026

Düýn – 10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. 

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Atageldi Şamyradowy, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen Gurbanmyrat Myradalyýewi belledi we ony medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.

G.Myradalyýew bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

arkadag saher 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäheri – döwrüň we dünýäniň buýsanjy

resmi surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

H.Şanazarowa «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi

Soňkylar Habar

GitTop