Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberlerinde 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda ýokary ösüş depginleri hasaba alyndy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden dünýäniň 94 döwleti peýdalandy. Şunda Türkmenistanyň çäginden geçirilen halkara üstaşyr ýükleriň umumy möçberi 3,5 million tonnadan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlanmagy görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.
Şu ýylyň ilkinji ýarymynda döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen jemi 10,5 million tonnadan gowrak ýük dolanyşygy amala aşyryldy we bu görkeziji geçen ýylyň netijeleri bilen seredeniňde 10 göterim artdy. Munuň bilen birlikde, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryna degişli bolan eksport we import harytlarynyň serhetüsti dolanyşygynda hem 6 göterimlik ösüş gazanyldy.
Görkezijileriň yzygiderli ýokarlanmagy ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgelerindäki gümrük nokatlarynyň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy bilen göni baglydyr. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, gümrük edaralarynyň ulag we ýük geçirijilik kuwwaty yzygiderli berkidilýär hem-de olaryň işine sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Bu çäreler bolsa Türkmenistanyň üsti bilen geçýän üstaşyr harytlaryň möçberiniň has-da artmagyna şert döredýär.
Häzirki wagtda iň täze barlag enjamlary bilen üpjün edilen serhetýaka gümrük nokatlarynda awtoulag serişdeleriniň giren pursadyndan başlap, ähli gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişine sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Innowasion tehnologiýalaryň işe girizilmegi gümrük nokatlarynyň çäklerinde resmileşdiriş işlerine sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga we amallaryň has çalt ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berdi.
«THE ASHGABAT TIMES».