Dark
Light
05.10.2026
osnovnoe foto scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiýeti Ženewada geçirilýän “Kodeks Alimentarius” komissiýasynyň (toparynyň) 49-njy mejlisine gatnaşýar

07.07.2026

2026-njy ýylyň 6-10-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekiýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Ženewanyň Halkara maslahatlar merkezinde geçirilýän “Kodeks Alimentarius” komissiýasynyň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar.

foto 2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiýetiniň düzümine Döwlet weterinariýa gullugynyň wekili, Arslan Soltanmyradow, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Maýa Annanepesowa girýärler.

“Kodeks Alimentarius” komissiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (WHO) Bilelikdäki Maksatnamasynyň ýokary hökümetara edarasy bolup, ol azyk önümleriniň howpsuzlygy, sarp edijileriň saglygyny goramak, şeýle hem halkara azyk söwdasynda adyl we aýdyň tejribeleri goldamak ulgamynda halkara standartlary, gollanmalary we amaly kodeksleri işläp taýýarlamak, kabul etmek hem-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça strategik işleri amala aşyrýar.

Mejlisiň işiniň dowamynda azyk önümleriniň howpsuzlygy babatda halkara standartlary kämilleşdirmek, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlyguna gözegçilik etmegiň milli ulgamlaryny sazlaşdyrmak, sanitar talaplaryny ylmy taýdan esaslandyrmak, şeýle hem “Kodeks Alimentarius” ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek baradaky möhüm meseleler gözden geçirilýär. Ženewadaky köp günlük mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri hile gözegçilik standartlaryny, biohowpsuzlygy we pudagara özara hereketleriň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça plenar mejlislere hem-de tehniki maslahatlaşmalara işjeň gatnaşarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tejribelik hgi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hünär ýolunda ilkinji ädimler

3242324325324 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen ýaş ýetginjek türgenleri Kali şäherindäki dünýä çempionatynda ýokary netijelere ýetýär

Soňkylar Habar

GitTop