Dark
Light
10.08.2026
yanlan a THE ASHGABAT TIMES

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag şäheri boýunça tapgyry geçirildi

14.07.2026

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag şäheri boýunça tapgyry sungata höwesli ýaşlaryň 10-syny bir ýerde jemledi. «Akylly» şäheriň «Oguz han» seýilgähinde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly gözden geçiriliş joşgunly konserte öwrüldi.

Eminlerdir tomaşaçylar her bir gatnaşyjynyň başarnygyna, sungat ýoluna görä, ýerine ýetiriş usullaryna aýratyn üns berdiler. Olaryň ses mümkinçilikleri, ýerine ýetiriş ussatlygy aýratyn seljerilip, iň tapawutlananlar ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň talyby Remezan Goşaýew hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby Perhat Esenow telebäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gazak atcylyk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty Federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Geňeşli il – döwletli il

Soňkylar Habar

GitTop