Dark
Light
10.07.2026
bedew niderland THE ASHGABAT TIMES

Ýewropada geçiriljek ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär

08.07.2026

Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Şanly ýylyň şygary dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan özboluşly mirasymyzy wagyz etmekde täze sahypany açdy. Şu ýylda meýilleşdirilýän halkara çäreler medeni we sport diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli herekete getirmek bilen, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy berkitmegi ugur edinýär.

Häzirki wagtda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň giň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagyny, ahalteke atlarynyň netijeli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli çäreler görülýär. Bu çäreleriň çäklerinde milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň häzirki ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Jemläp aýdanyňda, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek çäreler halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüler.

Güljahan BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew 26 taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şöhratly bedewlerimiziň waspy dünýä dolýar

sapar palwan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ilçi Sapar Pälwanow «Damen Shipyards» kompaniýasynyň Niderlandlardaky ştab-kwartirasyna bardy

Soňkylar Makalalar

Zähmet terbiýesinden söz açyp…

09.07.2026
Zähmetsöýerlik ata-babalarymyzdan miras galan gadymy ýörelgeleriň biridir. Şonuň üçin hem pederlerimiz nesilleriň zähmet terbiýesine hemişe uly üns beripdirler. Oguldyr gyzlaryna çagalygyndan zähmete, kesp-käre, hünäre

Şöhratly bedewlerimiziň waspy dünýä dolýar

08.07.2026
Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň sanawyndan orun almagy biziň her birimizi buýsandyrýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —

Rowaçly menziller – kalbymyzyň buýsanjy

08.07.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ykdysady, medeni we jemgyýetçilik taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde

Hünär ýolunda ilkinji ädimler

07.07.2026
Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, saýlap alan hünärleri boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ösdürmek, olaryň nazary
GitTop