Dark
Light
13.10.2026
dil bilim THE ASHGABAT TIMES

Ýokary hünär bilimini kämilleşdirmek – döwrüň talaby

04.07.2026

Häzirki wagtda milli bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Öňde belent maksatlar goýlup, döwlet bilim resminamalary taýýarlanylýar hem-de netijeli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynda kesgitlenilen wezipeler hem ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýokary hünär biliminiň Strategiýasy häzirki döwürde ýokary bilimi dünýä standartlaryna laýyk getirmek, öňdebaryjy innowasion usullary okuw-terbiýeçilik, ylym-hünär işlerine giňden ornaşdyrmak, professor-mugallymlaryň, usulyýetçileriň, pedagoglaryň, ýaş mugallymlaryň iş ussatlygyny kämilleşdirmek, hünär başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çünki ýokary hünär bilimi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklary üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

13 bapdan ybarat bolan bu Strategiýa bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýyna seljerme bermek bilen, bilimiň we zähmet bazarynyň özara baglanyşygyny gazanmak, döwletimiziň innowasion ösüşinde zähmet serişdeleriniň hil görkezijilerini ýokarlandyrmak, olary netijeli peýdalanmak, ýokary okuw mekdepleriniň okuw-önümçilik, tejribe we ylmy barlaghanalarynda guralýan işleri önümçiligiň ösdürilişi bilen baglanyşdyrmak ýaly ykdysady bähbitlere gönükdirilen wezipeleri kesgitleýär. Ýaşlary ylmy işlere giňden çekmegiň netijesinde, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini gazanmak, mekdepleri innowasiýa ulgamynyň subýekti hökmünde ösdürmek Strategiýanyň esasy wezipeleridir.

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» durmuşa ornaşdyrylyp, ýokary bilimde halkara bilim standartlaryna laýyk getirilen hem-de milli bilim ulgamy üçin örän ähmiýetli bolan ulgam kemala geler. Ýokary hünär biliminiň netijeliligini artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak babatdaky möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda belent maksatlara badalga berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Aýna KURBANMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yewropa par 8430d4b8b7ac82bc2eda71b22cd30d6c sm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen wekiliýeti Ýewropa Parlamentinde strategik ulag arabaglanyşygyny maslahatlaşdy

img 20260701 163006 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda türkmen-eýran dostluk gatnaşyklaryna bagyşlanan medeni çäre geçirildi

Soňkylar Makalalar

Zenanlaryň başlangyçlary – umumadamzat bähbidi

12.10.2026
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň

Suw ýollary – durnukly ösüşiň bähbidine

12.10.2026
Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Şunda Awazada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy

Demografik ösüş – döwrüň meselesi

12.10.2026
Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

12.10.2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda guralan, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara derejeli möhüm çäreler wajyplygy we netijeliligi bilen

Köňüllere ganat bitiren şygyr

12.10.2026
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly ajaýyp şygrynyň halkymyza ýetirilmeginde ägirt uly many bar. Şygyr ýöne ýere döremeýär.
GitTop