Berkarar döwletimizde bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetiň ösüş ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda jemgyýetiň ösen talaplaryna esaslanýan ýörelgeler bilen kämilleşdirilýän milli ylym-bilim ulgamyny dünýäniň iň gowy tejribeleri, innowasion tehnologiýalar, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetleri, möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk esasynda ösdürmek baş maksatlaryň biri bolup durýar.
Pederleriň «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir! On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir! Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir!» diýen çuňňur mazmunly pähimine eýerýän türkmen halkynyň ýaş nesliň terbiýeli, bilim-düşünjeli bolup ýetişmegi, hünär öwrenmegi bilen bagly asyrlarboýy kämilleşdirip gelen durmuş tejribesi bu gün milli gymmatlyklar bilen döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy netijesinde ösdürilýär. Muny häzirki zaman ylym-bilim ulgamynyň ösüş depgininde, ýaşlaryň dürli hünärleri çuňňur öwrenmäge bolan höwesinde aýdyň görmek bolýar.
Ýaşlaryň bilimini, başarnyklaryny kämilleşdirmäge çemeleşmeler, usulyýetler dürli ugurlarda ýüze çykýan täzeçillikler bilen baglanyşykly bolup, ol döwrüň ösüşlerinden hemişe habarly bolmagy talap edýär. Ol ýokary hünär bilimi babatda häzirki zaman tehnologiýalarynyň bitewi toplumyny, bilim ojaklarynda okatmagyň täze usulyýetlerini özünde jemleýär. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynda kesgitlenilen wezipeler hem ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleriniň çäginde täze ýokary okuw mekdepleri açylýar, okuw maksatnamalaryna täze hünärler girizilýär, ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleriniň işi ýola goýulýar. Ýaşlaryň ösen ýurtlarda bilim almaklary babatda giň mümkinçilikler döredilýär, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde işlemek üçin daşary ýurtlardan hünärmenler çagyrylýar. Ýokary hünär biliminiň netijeliligini artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak babatdaky möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda belent maksatlara badalga berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Setdar MYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Taryh fakultetiniň taryh hünäriniň 403-nji toparynyň talyby.