Dark
Light
12.08.2026
bilim talyp THE ASHGABAT TIMES

Ýokary hünär bilimini ösdürmegiň strategik tapgyry

07.07.2026

Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetiň ösüş ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda jemgyýetiň ösen talaplaryna esaslanýan ýörelgeler bilen kämilleşdirilýän milli ylym-bilim ulgamyny dünýäniň iň gowy tejribeleri esasynda ösdürmek baş maksatlaryň biri bolup durýar. Bu babatda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Olar öňdebaryjy okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilendir.

Ýeri gelende bellesek, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» durmuşa ornaşdyrylyp, ýokary bilimde halkara bilim standartlaryna laýyk getirilen hem-de milli bilim ulgamy üçin örän ähmiýetli bolan ulgam kemala geler. Munuň özi berkarar döwletimiziň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna hyzmat eder. Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda täze tehnologik öňegidişlikler gazanylar, durmuş-ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine ýetiler, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanar.

Ýokary hünär biliminiň netijeliligini artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak babatdaky möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda belent maksatlara badalga berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Çynar ŞYHMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew 2626 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ahalteke bedewi – halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany

garassyzlyyk 35 yyl THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyz Watanymyz – göwünlerimiziň buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Maşgala gymmatlygy – türkmen edebiýatynyň aýnasynda

11.08.2026
Maşgala türkmen halkynyň durmuşynda iň mukaddes düşünjeleriň biridir. Ene-atany sylamak, perzent terbiýesi, maşgala agzybirligi, uly-kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy baýlygynyň

Şanly toýa barýarys!

11.08.2026
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik

Terbiýäniň çeşmesi – kitap

10.08.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da  şeýle neşirleriň biridir. Bu
GitTop