Dark
Light
12.09.2026
hazar logistika THE ASHGABAT TIMES

Aşgabatda «Hazar Logistik» kompaniýasy Hyrat wekiliýeti bilen logistikany ösdürmegi maslahatlaşdy

06.08.2026

«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti öz Aşgabatdaky ofisinde Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Söwda-maýa goýum edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar söwda-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda logistika we üstaşyr ulag ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, taraplar duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

«Hazar Logistik» — Türkmenistanda halkara ýük daşamak, multimodal logistika, gümrük taýdan resmileşdirmek, ammarda saklamak, şeýle hem eksport-import boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän hususy logistika kompaniýasydyr. Kompaniýa Merkezi Aziýa, Ýewropa hem-de Hytaý ugurlary boýunça, şeýle hem beýleki ýollarda ulag-logistika çözgütlerini hödürleýär we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

blfdedirbq7fmumyuhanenpgqetrqq 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Turkic World» habarlar portaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taýýarlyk işlerini we geçirilişini beýan eder

caga tomus taplama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tomus we usulyýet

Soňkylar Habar

GitTop