Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy eýýamda bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar.
Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Bilim bilen hikmet ― altyndan gymmat» diýlişi ýaly, bilim ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, bilim arkaly beýik geljek gurulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Bilim özgertmeleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda barha rowaçlanýar. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
Dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki döwürde bilime we adam maýasyna goýulýan serişdeler islendik ýurduň ykdysady üstünliginiň açary bolup hyzmat edýär. Biz muňa «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap taslamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Şu ýyl Watanymyzyň çar künjeginde 3 müň 380 orunlyk mekdepleň, 1 müň 80 orunlyk çagalar baglary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly açylar.
Hormatly Prezidentimiz: «Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr» diýip, biz — mugallymlara uly ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik ynamyndan ruhlanyp, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde mundan beýlägem yhlasly zähmet çekeris. Ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Iliç HEMRAÝEW,
Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary.