Dark
Light
12.09.2026
halk maslahaty bina THE ASHGABAT TIMES

Demokratiýanyň we agzybirligiň kämil nusgasy

03.08.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şanly ýylymyzyň esasy jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrüler. Şoňa görä-de, umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 15-nji iýulda geçirilen mejlisi Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýarlyk işlerine özboluşly badalga boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem-de parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler.

Şu ýerde ýaş nesilleriň halkymyza, mähriban Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ýaşululara uly ornuň degişlidigini aýratyn nygtamalydyrys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň şu ýylyň 26-njy maýynda geçirilen nobatdaky mejlisi munuň hakykatdan-da şeýledigini tassyklady. Sebäbi mejlisiň dowamynda hormatly Arkadagymyza ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlenildi. Milli Liderimiziň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaga Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat bermegi ýurdumyzda hossarsyz galan çagalara howandarlyk golunyň uzadylýandygyny, olaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugyny üpjün etmek ugrunda tagalla edilýändigini görkezýär.

Watanymyzyň beýik ösüş-özgertmeleriniň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleridir. Nobatdaky taryhy forumyň Garaşsyzlyk toýunyň bosagasynda geçirilmegi bolsa, toý şatlygymyza şatlyk goşýar. Goý, berkarar Watanymyzy ösüşleriň bedew bady bilen barha öňe alyp barýan, ulus-ilimizi eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynda rowaçlyklar hemişe ýaran bolsun!

Tylla MUHADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asudalyk mid dim bmg hukuk bitarap THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara hukugyň kadalaryna ygrarlylygyň täze beýany

img 20260731 100210 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mekdep okuwçylarymyz Londonda geçiriljek «iWISE» halkara bäsleşigine gatnaşarlar

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop