Her bir halkyň taryhynda onuň ruhy dünýäsini, döwletlilik ýörelgelerini we geljege bolan ynamyny özünde jemleýän aýratyn möhüm sahypalar bolýar. Ol bolsa döwletiň ösüş ýoluny kesgitläp, halkyň ykbalynyň, arzuwlarynyň we beýik maksatlarynyň bitewilige öwrülýän döwrüni alamatlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki ösüş ýolunda Halk Maslahaty hem şeýle taryhy ähmiýetli başlangyçlaryň biridir.
Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň hem döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolandygyny buýsançly bellemek gerek. Bu mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy mazmunly çykyş edip, ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi, halkymyzyň agzybirligini we döwletimiziň ösüş kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir çykyşynyň özeninde çuňňur döwletlilik garaýşy, halkyň ykbalyna bolan belent jogapkärçilik duýgusy duýulýar. Milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleriniň esasy manysy diňe bir ykdysady ösüşi gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň iň gymmatly baýlygynyň — adamyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem öňe sürülýän başlangyçlarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ýaly belent maksatlar öz beýanyny tapýar.
Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Selbi HEMRAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.