Dark
Light
12.09.2026
halk mas 2626 THE ASHGABAT TIMES

Halk Maslahaty: halk wekilçiliginiň milli tejribesi

01.08.2026

Türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüş ýolunda halkyň agzybirligi, jebisligi we döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň gatnaşmagy aýratyn orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklaryň, giň jemgyýetçilik pikiriniň we milli bähbitleriň utgaşýan möhüm meýdançasydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.

Halk Maslahaty türkmen halkynyň asylly däplerine daýanýan, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan gurluşdyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän maslahatlaşmak, agzybirlikde çözgüt kabul etmek ýörelgeleri häzirki döwürde döwrebap görnüşde dowam etdirilýär. Şol sebäpli hem Halk Maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk işleri halkyň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen utgaşýar. Bu ugurdaky çäreler diňe bir guramaçylyk meselelerini çözmek bilen çäklenmän, eýsem, halkyň tekliplerini öwrenmäge, jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki ösüş maksatlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Taýýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlaryň, ýaşlaryň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň teklipleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi halkyň pikirini nazara almak, jemgyýetiň ösüşine gönükdirilen başlangyçlary goldamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Halk Maslahatyna taýýarlyk işlerinde ýaş nesle aýratyn orun degişlidir. Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi, täze pikirleriň we döredijilikli başlangyçlaryň eýeleridir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, olaryň teklipleriniň diňlenmegi we goldanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň ýaşlary bilimde, ylymda, tehnologiýada, sportda we döredijilikde gazanýan üstünlikleri bilen Türkmenistanyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

urdumyzda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, maslahatlar we duşuşyklar hem Halk Maslahatyna taýýarlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle çäreleriň dowamynda döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, halkyň öňünde durýan wezipeler, jemgyýetiň agzybirligini pugtalandyrmak meseleleri barada pikir alşylyp, raýatlaryň teklipleri öwrenilýär. Mähriban halkymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Sewinç UMYDJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halk maslahaty 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk Maslahaty: bedew batly ösüşleriň binýady

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty: jebisligiň, agzybirligiň we umumymilli ösüşiň binýady

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop