Dark
Light
12.09.2026
halk maslahat THE ASHGABAT TIMES

Halk Maslahaty: jebisligiň, agzybirligiň we umumymilli ösüşiň binýady

01.08.2026

Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerinde, asyrlaryň dowamynda kemala gelen agzybirlik, maslahatlaşyp çözgüt kabul etmek däbi aýratyn orun eýeleýär. «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen parasatly sözler halk durmuşynda giňden orun alypdyr. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamydyr.

Milli däp-dessurlarymyza eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Halk Maslahatynda öňe sürülýän başlangyçlar esasynda ýaşlaryň bagtyýar şu gününi we geljegini nazarlaýan çözgütler kabul edilýär. Şunda ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi milli demokratiýanyň ýörelgeleriniň ulgamlaýyn durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Onda şanly senä we möhüm taryhy waka ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, dynç almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri biz ― ýaş nesiller üçin döwletli başlangyçlara, ýokary üstünliklere badalgadyr. Gahryman  Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri bolsa bizi beýik işlere ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlar Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Medet SOLTANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halk mas 2626 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk Maslahaty: halk wekilçiliginiň milli tejribesi

merkezi aziya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop