Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýän şu günlerimizde ýurdumyza gelip gowşan hoş habar ― Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl ― Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi biziň her birimiziň toý şatlygymyzy goşalandyrdy.
Bu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine uly gyzyklanma bildirilýär. Milli diplomatiýamyzda gazanylan üstünlikler bolsa nusga alarlykdyr. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan netijeli daşary syýasatyň, halkara hukugyň kadalaryna ygrarlylygyň we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda öňe sürülýän başlangyçlaryň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary derejede goldanylýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem kanunylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler, kabul edilýän döwrebap kanunçylyk namalary halkymyzyň abadançylygyny, jemgyýetimiziň durnukly ösüşini we döwletimiziň hukuk esaslaryny has-da berkitmäge hyzmat edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň kämilleşdirilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şu jähetden, «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama ýurdumyzyň içerki hukuk ösüşi bilen hem sazlaşykly utgaşýar.
Biz ― köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri halkara ähmiýetli bu başlangyjyň jemgyýetimiz üçin hem uly terbiýeçilik we düşündiriş ähmiýetiniň bardygyna aýratyn üns berýäris. Şunda jemgyýetde hukuk medeniýetini ösdürmek biziň umumy wezipämizdir. Çünki hukuk taýdan sowatly jemgyýet islendik güýçli döwletiň esasy daýanjydyr. Şonuň üçin hem bu halkara çözgüt hukuk düşünjesini ösdürmek, bilim we terbiýe ulgamynda täze mümkinçilikleri döretmek üçin möhüm ähmiýetli başlangyçdyr.
Dünýäde ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň berkarar bolmagynyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän Milli Liderimiziň, türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy.